Soňky habarlar

Arhiw

Matwiýenko Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

22:5329.06.2021
0
3654

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy türkmen Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglary we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini hem-de birek-birege ynanyşmak, deňhukuklylyk we açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şunda iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegiň we netijeliligiň ýokary derejesine aýratyn üns berildi. Munuň özi halkara guramalaryň çäklerinde hem öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýanyň BMG-niň, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy möhüm ähmiýete eýedir.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutany we Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň köp ugurlar boýunça üstünlikli gatnaşyk edýändigini nygtadylar. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň işi hem muňa köp babatda ýardam edýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy we ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda, iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy we wekilçilikli edarasynyň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, özara gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi.

Milletiň Lideri we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy yzygiderli geçirilýän parlamentara duşuşyklaryň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň