Soňky habarlar

Arhiw

«Google Messages» bir gezeklik habarnamalary öçürmek mümkinçiligini berýär

12:4430.06.2021
0
3892

«Google» kompaniýasy «Google Messages»-de bir gezeklik parol habarlarynyň awtomatiki öçüriljekdigini resmi taýdan yglan etdi.

«Android» smartfonlary üçin «Habarlarnamalar» esasy habarlaşma programmasydyr.

«Google» birnäçe aý bäri täze aýratynlygy synagdan geçirýär we ol ýola goýuldy. «Google Messages»-däki habarnamalar, dürli hyzmatlar we kompaniýalar, şol sanda banklar tarapyndan ulanyja iberilýän bir gezeklik parollary goşmak bilen kategoriýalara bölünip başlamaly.

Bu habarnamalar, alnandan 24 sagatdan soň awtomatiki usulda ýok edilip başlar. «Ixbt.com»-yň habaryna görä, häzirki wagtda bu aýratynlyk diňe Hindistandaky ulanyjylar üçin elýeterli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň