Koronowirusy 90 minutda anyklap bilýän örtük işlenip taýýarlanyldy

19:0229.06.2021
0
4021

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň we Garward uniwersitetiniň alymlary adama koronawirusyň ýokuşandygyny ýa-da ýokuşmandygyny 90 minutda kesgitläp biljek örtügi ​​döretdiler. Örtük oňa berkidilen barlag ulgamy arkaly işleýär.

Şeýlelikde, örügi dakynan islendik adam özünde keseliň bardygyny ýa ýokdugyny kesgitläp biler. Gizlinligi goramak üçin netijeler örtügiň iç tarapynda görkezilýär. Döredijileriň aýtmagyna görä, bu synag ulgamy adaty PCR synaglaryndaky duýgurlyga meňzeýär we mundan başga-da, diňe SARS-CoV-2 däl, eýsem, beýleki wiruslary hem tanap bilýär diýip, «ferra.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň