Soňky habarlar

Arhiw

«Facebook»-yň paýnamalary 1trillion dollara ýetdi

18:5729.06.2021
0
2246
«Facebook»-yň paýnamalary 1trillion dollara ýetdi

«Facebook» meşhur jemgyýetçilik tory 1 trillion dollarlyk maýa goýumy bilen Amerikanyň ilkinji bäşligine girdi. Kompaniýanyň paýnamalary 4,18% artdy we her paýnamasynyň bahasy 355,64 dollara ýetdi, şeýlelik bilen kompaniýanyň maýa goýumy 1,01 trillion dollara ýetdi.

2004-nji ýylda döredilen «Facebook» iň ýaş trillioner kompaniýalarynyň biridir. «Ixbt.com»-uň habaryna görä, bu kompaniýa «Facebook Messenger», «Instagram», «WhatsApp» we «Oculus» ýaly torlara hem eýeçilik edýär.

«Facebook»-dan başga-da trillioner kompaniýalaryň sanawyna «Amazon», «Alphabet», «Apple» we «Microsoft» kompaniýalary girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň