Soňky habarlar

Arhiw

Barselonada «Mobile World Congress» öz işine başlady

18:5229.06.2021
0
3617

Barselona şäherinde dünýäniň iň uly telekommunikasiýa çäreleriniň biri bolan «Mobile World Congress» (Bütindünýä mobil kongresi) başlaýar. Çäreler koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ähli howpsuzlyk çäreleri bilen geçiriler.

Şeýlelik bilen, gurultaý gysgaldylan görnüşinde geçiriler, çykyş edýänler onlaýn görnüşinde diňleniler. Maslahatda «Facebook», «Nokia», «Ericsson» we «Samsung» ýaly tehnologiýa ägirtleriniň ýokdugy hem ünsüňi özüne çekýär. Mundan başga-da, oňa gatnaşyjylaryň sany 100 müňden 35 müň adama çenli azaldyldy.

«Mobile World Capital Barcelona»-nyň baş direktory Karlos Graunyň pikiriçe, şu ýyl esasy mowzuk 5G tehnologiýasy bilen bagly bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň