Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow bilen Putiniň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy

14:2329.06.2021
0
11242

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimr Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutlady. Bu barada rus Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy, koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagyna garşy göreşde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meselelere ünsi çekdiler.

Döwlet Baştutanlary türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin özara gatnaşyklary ilerletmek boýunça pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň