Žaparow: «Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçiligi bar»

18:0428.06.2021
0
4162

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow şu gün Aşgabatda türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini mundan beýläk-de güýçlendirmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdy.

Bu barada Prezident şeýle diýdi:

«Gyrgyzystan Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen ugurlara doly ygrarydyr».

Gyrgyz Lideriniň pikirine görä, iki ýurduň hem söwda, energiýa, ulag we oba hojalygy babatynda möhüm mümkinçilikleri bar. Şol bir wagtyň özünde, döwlet Baştutany türkmen işewürleriniň Gyrgyzystandaky maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyna umyt baglaýar.

Žaparowyň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryndan biri hem syýahatçylyk pudagyndaky özara gatnaşyklardyr.

Onuň pikiriçe, «türkmen dokma önümleriniň hilini Gyrgyzystanyň egin-eşik senagatynyň mümkinçilikleri bilen birleşdirip bolýan» ýeňil senagatda-da uly mümkinçilik bar.

Gyrgyzystanyň Prezidenti, koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly ýagdaýyň gowulaşmagy bilen özara Medeniýet günlerini geçirmegi hem teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň