Soňky habarlar

Arhiw

Kuentin Tarantino dynç alyşa çykmagy meýilleşdirýär

17:2428.06.2021
0
4187

Amerikaly kinorežissýor, ssenariýeçi we aktýor Kuentin Tarantino režissýorlyk karýerasyny tamamlamak baradaky niýetini ýene bir gezek tassyklady. Ol bu barada HBO görkezilişiniň efirinde Bill Mahere aýtdy.

Tarantino muny meşhurlygynyň iň ýokary derejesinde etmek we onunjy filmini surata düşürenden soň karýerasyny soňlamak isleýändigini aýtdy.

Şeýle-de bolsa, meşhur režissýoryň haýsy filmi surata düşürmek isleýändigi heniz belli däl. «Kinonews.ru»-nyň habar bermegine görä, bu onuň öňden bäri dowam etdirip gelýän kriminal dramasynyň soňky bölümi bolmagy hem mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň