Soňky habarlar

Arhiw

Magdan fermalary Hytaýdan ABŞ-a göçýär

17:1828.06.2021
0
4864

Hytaý kanunlary kriptowalýuta gazyp almak işini goldamaýar. Şonuň üçin bu ýerdäki iri magdan kompaniýalary ýerleşýän ýerlerini üýtgedip başladylar.

Olary ABŞ-a, Kanada, Gazagystan we Russiýa göçürmek hadysasy mundan bir aý çemesi öň başlandy. Hususan-da, ýerli häkimiýetler çäreleri güýçlendirip, fermalarda elektrik toguny göni kesip başlandan soň, magdan kompaniýalarynyň migrasiýa hadysasy çaltlaşdy.

«Ixbt.com» neşirine görä, 3000 kilogramlyk wideo karta we ASIC ulgamlary uçar bilen Hytaýdan Merilende (ABŞ) daşaldy. Hytaýdan gazylyp alynýan fermalaryň köpüsi ABŞ-nyň iki ştatyna ― Merilend we Tehas ştataryna göçýär. Munuň sebäbi şu ştatlarda elektrik togunyň arzan we az ilatlydygy bilen baglanyşykly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň