Soňky habarlar

Arhiw

Jayym.com onlaýn hyzmaty – Türkmenistanda gozgalmaýan emläk gözlemekde täze çeşme

17:0728.06.2021
1
11966

Gozgalmaýan emläk gözlegi üçin täze onlaýn hyzmat – Jaýym.com platformasy paýtagtyň we Türkmenistanyň beýleki ilatly nokatlarynyň ýaşaýjylary üçin işe girizildi.

Jayym.com platformasy islendik emläk satuwy ýa-da kärendesi üçin kiçi maşgala jaýlaryndan başlap, meýilleşdirilen jaýlara we täjirçilik emläklerine çenli mahabat gözlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem, bu täze platformada öz mahabatlaryňyzy mugt ýerleşdirmeklige mümkinçilik berilýär.

Jayym.com onlaýn hyzmatyndaky amatly süzgüç ulgamy gözleg işiňizi sazlamaga mümkinçilik berýär, hem-de ähli möhüm ölçegleri göz öňünde tutup, köp sanly görnüşleriň arasyndan islän ýaşaýyş jaýyňy saýlamaga kömek edýär. Mundan başga-da, bu täze platformada islenýän emlägi tapmaklygy has-da aňsatlaşdyrmaga kömek edýän dinamiki karta bar. Bu akylly saýlama ulgamy şuňa meňzeş mahabatlary toparlara birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da Jayym.com onlaýn hyzmatynda şol mahabatlary meşhur sosial ulgamlara we onlaýn hat-habar alyş-çalyş ulgamlaryna (messenjer) ibermäge mümkinçilik berýär.

Jayym.com onlaýn hyzmatynyň ýolbaşçylary iri emläk agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk edýär hem-de bu platforma goýlan mahabatlaryň dogrulygyna we ýerlikliligine üns bilen gözegçilik edýär. Jayym.com platformasynyň hyzmat operatorlary ähli soraglaryňyza derrew jogap bermäge we ýüze çykan tehniki kynçylyklary çözmäge kömek etmäge taýýardyr.

Jayym.com onlaýn hyzmaty «Lotta Business Group»-yň bir bölegi bolup, eýýäm «Arassa Nusga» (IT / konsalting), «Emaycosmetics» (onlaýn dükan) we «Bazarym» (market pleýs) ýaly taslamalary öz içine alýar.

Jayym.com onlaýn hyzmaty bilen işleşseňiz, iň soňky çözgüt alarsyňyz: baý tejribe, köp sanly maglumatlar we täzelikler, hünärmenleriň bilim derejesi we hünär ussatlygy, kompaniýanyň ähli taslamalary üçin jikme-jik seljeriş we gurallar.

Täze internet platformasy bilen tanyşmak isleýänler, şu ýere basyp tanşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň