Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda önüp-ösen Aziz Usanow «Pole çudes» («Täsinlikler meýdançasy») atly kapital-şou gepleşigine gatnaşdy. Gepleşik 25-nji iýun güni görkezildi.
Kuban döwlet agrar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby gepleşikde Türkmen halkyna, ata Watanyndaky maşgalasyna we goňşularyna türkmen dilinde salam ýollady.
Biziň watandaşymyz gepleşigi alyp baryjy Leonid Ýakubowiçe türkmen donuny we beýleki gymmatlyklaryň käbirini sowgat berdi.
Gepleşikde Aziz Usanow «Prodolnik» («Продольник») diýen sözüň 8 harpyny bilip, pully gapjyklara iki gezek mynasyp boldy. Ol bu sözüň sekiz harpyny bildi. Ýöne sözi doly bilmek we finala çykmak Samaraly Ýelizaweta Žuçkowa başartdy.