Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan waksinalar boýunça Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyna gyzyklanma bildirýär

18:5326.06.2021
0
2215

Merkezi Aziýa ýurtlary – Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Ýakyn Gündogaryň hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň beýleki 24 ýurdy Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäginde sanjymlar babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler.

Bu başlangyç 23-nji iýunda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň «Bir guşak, bir ýol» hyzmatdaşlygy boýunça ýokary derejeli konferensiýasynda resmi taýdan badalga aldy. Maslahat «Durnukly ösüşiň maksatlarynda pandemiýa garşy göreşmek babatdaky hyzmatdaşlyga ýardam bermek» diýlip atlandyryldy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilen habara görä, ýokardaky ýurtlar hyzmatdaşlyk üçin öz gatnaşyklaryny aşakdaky ugurlara gönükdirmäge çalyşýarlar:

- waksina howpsuzlygyny we netijeliligini bilelikde üpjün etmek üçin sanjymlara gözegçilik syýasaty boýunça aragatnaşygy güýçlendirmeli;

- waksina öndürýän ýurtlary sanjym kompaniýalaryna BSGG-nyň COVID-19 sanjymlara global elýeterliligi (COVAX) maksatnamasy üçin has köp sanjym bermek üçin goldaw bermäge mümkinçilik bermeli;

- ösýän ýurtlara hökümetler we sanjymlar kompaniýalary tarapyndan waksinalaryň mugt ýa-da elýeterli bahadan eksport arkaly üpjün edilmegini goldamaly;

- waksinalar boýunça bilelikdäki gözlegleri, ösüşi we tehnologiýa alyş-çalşyny we ösýän ýurtlara degişli tehnologiýalaryň geçirilmegini höweslendirmeli;

- waksina öndürijiler bilen ösýän ýurtlaryň arasynda sanjymlary bilelikde öndürmek üçin global önümçiligi giňeltmek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmeli;- sebitleýin we köptaraplaýyn ösüş banklaryny sanjymlary satyn almak we öndürmek üçin ösýän ýurtlar üçin ýeňillikli maliýeleşdirmegi giňeltmäge höweslendirmeli, şol bir wagtyň özünde her bir ýurduň öz isleýän sanjymyny saýlamak hukugyna hormat goýmaly;

- serhetara sanjymlaryň akymyny üpjün etmek üçin birikmek boýunça «Bir guşak, bir ýol» hyzmatdaşlygyny güýçlendirmeli.

Sanjym boýunça «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň teksti bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň