Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça Milli strategiýa taýýarlanyldy

22:3825.06.2021
0
8344

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Bu strategiýanyň esasy maksady we wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olaryň garşysyna göreşmegiň ileri tutulmagyny gazanmakdan, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakdan we adamlaryň saglyk babatda sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan hem-de näsaglary ýokary hilli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Milli strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde, ilatymyzyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmekleri babatda düşünjeleri artdyrylar hem-de olaryň saglygy has-da berkidiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adamlaryň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda bu syýasatyň many-mazmuny kesgitlenilýär.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ony dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak, ilata edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça işler netijeli alnyp barylmalydyr.

Milletiň Lideri bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olara garşy netijeli göreşmäge, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de zyýanly endiklerden el çekmäge gönükdirilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda alnyp barylýan işleri dowam etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň