Soňky habarlar

Arhiw

Hünärmenler smartfonlary yssy howadan nähili goramalydygy barada maslahat berdiler

15:5626.06.2021
0
5647

Yssy howa we göni düşýän Gün şöhlesi ykjam enjamlara zyýan berip biler. «SberService»-yň inžerleri munuň öňüni nähili almalydygy barada aýtdylar.

Ilki bilen, smartfonlary Günüň şöhlesiniň göni täsirinden goramaly, sebäbi ýokary temperaturanyň täsiri enjamyň kuwwatyny we hyzmat möhletini azaldar. Şol bir wagtyň özünde işleýän programmalaryň sanyny çäklendirip, ekranyň ýagtylygyny awtomatiki görnüşde düzmek maslahat berilýär.

Şeýtmek bilen, telefonyňyzyň batareýasyna düşýän agramy azaldyp bilersiňiz. Smartfon howanyň temperaturasynyň düýpgöter ýokarlanmagyndan goranmagy üçin üpjün edilýän görnüşe girýän bolsa, gadžeti kölegedde biraz garaşdyrmaly. Telefony sowadyjyda sowatmak düýbünden gadagan. Bu ýagdaýda ykjam enjamlar üçin zyýanly kondensasiýa emele gelip biler.

«Ferra.ru»-nyň habar berşi ýaly, telefon gyzanda, hünärmenler ony kölegede goýmagy, gapagyny aýyrmagy we «Uçarda» iş režiminde goýmagy maslahat berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň