Ýapon biologlary iýip bolýan holera sanjymyny döretdiler

14:3626.06.2021
0
3968

Tokio uniwersitetiniň alymlary genetiki taýdan özgerdilen tüwi esasynda dünýäde ilkinji iýip bolýan holera sanjymyny döretdiler. Bu barada 26-njy iýunda uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi.

Tokio uniwersitetiniň professory Hiroşi Kiýononyň belleýşi ýaly, sanjym sanjymyň dürli dozalaryna immuniteti bolan meýletinçilerde «her gezek wibroholeranyň beloklaryna bolan täsiriniň güýjüni ýokarlandyrýar».

Döredilen iýilýän holera sanjymy önümçilik, saklamak we ulanmak üçin aýratyn şertleri talap etmeýär. Aslynda, bu GMO tüwiniň üwelen dänelerinden, bu bakteriýanyň esasy toksini bolan CTB belogynyň käbir bölekleriniň öndürilmegine jogapkär bolan wibroholera DNK-nyň bir bölegi goýlan tohumydyr.

Hünärmenleriň pikiriçe, bu üstünlik holera garşy arzan we täsirli sanjymyň döredilmeginde öňegidişlikdir. Kesel, BSGG-nyň maglumatlaryna görä, her ýyl, takmynan, 1,3 ― 4 million adama ýokaşýar we 20 ― 140 müň adam infeksiýadan ölýär. Keseliň ýokuşmagyna, köplenç, hapalanan iýmit ýa-da suw sebäp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň