Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň kubogy ― 2021: finalyň ady belli boldy

23:5525.06.2021
0
5094

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygynda güýç synanyşjak toparlar belli boldy. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Bu abraýa geçirilen ýarymfinal duşuşyklarynda “Aşgabatdyr” “Energetik” toparlaryndan üstün çykan “Merw” bilen “Ahal” toparlary mynasyp boldular

Bäsleşigiň final duşuşygy 27-nji iýunda oýnalar.

Ýarymfinal duşuşyklary:

“Energetik” – “Ahal” – 1:3

Gollar: 41 (11 m.j.u.) Orazmuhammet Işangulyýew (“Energetik”) – 20 (11 m.j.u.) Serdar Geldiýew, 27 Gurban Annaýew, 86 ( 11 m.j.u.) Resul Hojaýew (“Ahal”)

Bellik: Duşuşygyň 83-nji minutynda Serdar Geldiýew 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi).

“Merw” – “Aşgabat” – 2:2 (5:4 11 m.j.u.)

Gollar: 39 (11 m.j.u.) Begenç Alamow, 45+3 Pirmyrat Gazakow (“Merw”) – 9 (11 m.j.u.) Döwran Orazalyýew, 86 Gurbangeldi Sähedow (“Aşgabat”)

27.06.2021 ý.:

18:15 3-nji orun ugrundaky duşuşyk

20:30 Final

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň