«Sinalco»-nyň bije çekilişigi dowam edýär

09:5626.06.2021
0
10825

«Sinalco» içgilerindäki «Tomus ― 2021» baýrakly bijeleri dowam edýär. Bu özboluşly bije çekilişge gatnaşmagyň şertlerini ýene bir ýola ýatladýarys: munuň üçin 0,5 we 1,5 litrlik «Sinalco Cola», «Sinalco Pyrtykal», «Sinalco Jump» içgileriniň gapaklaryndan gerekli mukdarda utuk ýygnamaly. Gerekli mukdarda utuk ýygnanyňyzdan soň, sowgat hökmünde «Sinalco» nyşany bolan topy ýa-da bulgury alyp bilersiňiz ýa-da olary bije çekiliş karty bilen çalşyp, naýbaşy baýraklaryň çekilişine gatnaşyp bilersiňiz. Naýbaşy baýraklaryň hatarynda smartfonlar, kondisionerler, kir ýuwýan maşynlar, telewizorlar we gaz peçleri bar.

Aksiýanyň naýbaşy baýraklarynyň biriniň eýesi eýýäm mälim. Has takygy, Bagyr obasynyň ýaşaýjysy Begenç Gurbannazarow bu bije çekilişikde kondisioner utdy.

«Bu gün biziň üçin şowly gün boldy, «Sinalco» bije çekilişiginde kondisioner utduk. Satyn alyň, içiň, bije çekilişige gatnaşyň we utuň! ― diýip, Begenç şatlygyny paýlaşdy.

«Sinalco» sizi dowam edýän çekişmä gatnaşmaga we kompaniýadan ýadygärlik sowgat almaga ýa-da naýbaşy baýragyň eýesi bolmaga çagyrýar. Ilki başda goýlan baýraklaryň sany 40 müňden gowrakdy. Häzir olaryň belli bir bölegi eýelerine gowuşdy.

Jikme-jik maglumatlary @ sinalco.tm Instagram hasabyndan ýa-da +99362517865 belgisi arkaly Imo programmasyndan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň