Arhiw

"Emel" dizaýnerçilik studiýasy telekeçileri täze "Tanat" taslamasynyň işlenip taýýarlanyşyna gatnaşmaga çagyrýar

18:1925.06.2021
0
16371

Türkmenistanda işewürleri we olaryň müşderilerini jebisleşdirmek maksady bilen "Tanat" işewürlik-maglumat kitapçasy ilkinji gezek köpçülige hödürlenýär.

"Tanat" işewürlik-maglumat kitapçasy iri we kiçi telekeçilere Türkmenistanyň bütin çäginde özlerini tanatmaga mümkinçilik berýän wizit kitapçasynyň artykmaçlyklaryny özünde jemleýär.

"Tanat" işewürlik-maglumat kitapçasy siziň telekeçilik iş ugurlaryňyz baradaky maglumatlar we habarlaşmak üçin aragatnaşyk serişdeleri baradaky maglumatlar ýerleşdirilen toparlara bölünýär.

"Tanat" işewürlik-maglumat kitapçasyny 10000 nusgadan ybarat tiražda А5 formatda çap etmek meýilleşdirilýär. Çapdan çykýan senesi 2021 ýylyň 10 oktýabry. Maglumat kitapçasynyň içindäki maglumatlar, islege görä А4, A5, А6 we А8 (wizit karty) ölçeglerde ýerleşdirilip bilner. Köpler bahasy bary-ýogy 0,05 teňňe bolan wizit karty (А8) artykmaçlyklaryna aýratyn baha bererler.

Häzirki wagtda orunlary bronlamak we maglumat kitapçasynda mahabat ýerleşdirmek üçin hasaba almak işleri dowam edýär, arzalaryň kabul edilişiniň tamamlanýan senesi – 2021 ýylyň 8 awgusty.

Işewürlik-maglumat kitapçasy Türkmenistanyň ähli ýerlerinde tölegsiz ýaýradylar.

Bildirişleri ýerleşdirmek üçin "Emel" dizaýnerçilik studiýasynyň edara binasyna ýüz tutup ýa-da +99312 280334, +99363 606363 belgilerine jaň edip bilersiňiz. Şeýle-de tanat@emel.studio elektron poçtasy arkaly habarlaşyp ýa-da Instagramdaky @emel.designstudio, @tanat.emel profilleriniň salgysyna ýazyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň