Çehiýada güýçli tupan turdy

17:4925.06.2021
0
4595

Çehiýanyň günorta-gündogaryndaky Günorta Morawiýa sebitinde güýçli ýel turdy. «Euronews»-yň habar berşi ýaly, betbagtçylyk sebäpli 32 müň maşgala elektriksiz galdy, birnäçe oba bölekleýin weýran boldy, käbir pidalaryň bolandygy barada hem maglumatlar bar.

Lukmanlar we halas edijiler betbagtçylygyň pidalaryna kömek edýärler. «Tiz kömek» we polisiýa betbagtçylygyň netijelerini aradan aýyrmak boýunça dyngysyz işleýär. Käbir bilermenler bolsa, bu ýagdaýyň ýakyn günlerde gaýtalanyp biljekdigini aýdyp, köpçüligi öýde bolmaga çagyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň