Lukman kondisionerden dogry peýdalanmagyň ýollaryny salgy berýär

18:1924.06.2021
0
6652

Dogry, tomsuň gyzgyn günlerinde kondisionersiz oňňut etmek kyn. Ýöne ondan peýdalanylanda, käbir düzgünleri berjaý etmek hem hökmanydyr.

Bu barada terapewt lukman Tatýana Romanenko «Sputnik» radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Düzgünleriň ilkinjisi otagda ýa-da ulagda howanyň derejesiniň birden däl-de, kem-kemden peseldilmegidir. Çünki dessine serginlejek bolmak kesellemek howpuny has ýokarlandyrýar.

Ikinjiden, kondisioner gurnalanda, onuň iş ýeri bilen aralygynyň azyndan 1,5 ― 2 metre çenli bolmagyny gazanmaly. Çünki sowuk howanyň güýçli akymy adamdan näçe uzak bolsa, şonça-da gowudyr.

Üçünji bir möhüm düzgün bolsa kondisioneriň süzgüçlerini yzygiderli arassalamakdyr. Sebäbi tozanyň bakteriýa ýygnamak häsiýeti bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň