Soňky habarlar

Arhiw

BSGG koronowirus sanjymlary bilen bagly görkezmelerini üýtgetdi

14:5324.06.2021
0
5341

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID-19 sanjymlary baradaky görkezmelerine täzeden garady we 12 ýaş we ondan uly töwekgelçilikli ýaş aralygyndaky çagalara «Pfizer» we «BioNTech» sanjymlaryny ulanmaga ygtyýar berdi.

Guramanyň web saýtynda nygtalyşy ýaly, «ýokary töwekgelçilik derejesine girýän 12 ― 15 ýaş aralygyndaky çagalara beýleki sanjym toparlary bilen birlikde bu sanjymlar hem hödürlenip bilner».

Ozal BSGG bu sanjymlaryň howpsuzlygy baradaky maglumatlaryň ýeterlik däldigi sebäpli, olary 18 ýaşa ýetmedikler üçin ulanmaga rugsat bermändi.

«Kommersant.ru» gazetiniň habar berşi ýaly, iýul aýynda Moskwada 12 ― 17 ýaş aralygyndaky çagalaryň arasynda «Sputnik V» sanjymyny ulanmak boýunça kliniki synaglar başlar. Bir ýyllyk gözlegiň netijelerine görä, ýetginjekleri COVID-19 sanjym maksatnamasyna goşmak barada karar kabul ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň