Kuala-Lumpurda Aziýa Kubogy – 2023-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

14:2124.06.2021
0
10766

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilen bije çekişlik dabarasynyň netijesinde Aziýa Kubogy – 2023-iň pleý-off tapgyrynda duşuşjak ýygyndylar öz garşydaşlaryny bildiler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, onuň netijesinde pleý-off tapgyrynda Guamyň ýygyndysy Kamboja bilen, Indoneziýanyň milli ýygyndysy bolsa Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy bilen duşuşarlar. Pleý-off tapgyrynyň ýeňijileri Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynda ýygyndylaryň 22-si (Özbegistan, Iordaniýa, Bahreýn, Gyrgyz Respublikasy, Palestina, Hindistan, Taýland, Täjigistan, Filippinler, TÜRKMENISTAN, Kuweýt, Owganystan, Malaýziýa, Singapur, Mongoliýa, Gonkong, Maldiwler, Şri-Lanka, Nepal, Mýanma, Ýemen, Bangladeş) bilen pleý-off oýunlarynyň ýeňijileriniň ikisi toparçalaryň altysynda çykyş ederler. Iki aýlawdan ybarat bolan saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna 2022-nji ýylyň fewral aýynda badalga berler. Toparçalaryň ýeňijileri bilen ikinji orunlary eýelänleriň gowy netije görkezenleriniň bäşisi Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasynyň şu ýylyň oktýabr aýynda geçirmeklik göz öňünde tutulýar.

Bilşiňiz ýaly, Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyry 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry bilen utgaşykly alnyp barlypdy. Geçirilen saýlama tapgyrynyň netijesinde dünýä çempionaty – 2022-niň jemleýji tapgyryna Siriýanyň, Awstraliýanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, BAE-niň, Koreýa Respublikasynyň, Omanyň, Yragyň, Wýetnamyň, Hytaýyň, hem-de Liwanyň ýygyndy toparlary gatnaşmaga mümkinçilik alypdylar. Bu ýygyndylar bilen Kataryň ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2023-iň final tapgyryna gatnaşmaga hem hukuk gazandylar.

2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogyny Hytaý Halk Respublikasy kabul eder. 2023-nji ýylyň 16-njy iýuny bilen 16-njy iýuly aralygynda geçiriljek yklym ýaryşy şäherleriň 10-synda (Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn, Suçjou) guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň