Soňky habarlar

Arhiw

«Amazon» satylmadyk harytlary ýok etmekde aýyplanýar

17:4623.06.2021
0
4804

«Amazon» kompaniýasynyň Angliýadaky ammary satylmadyk harytlaryň millionlarçasyny ýok edendigi üçin aýyplanýar. «ITV News»-yň žurnalistleri derňew işleriniň barşynda bir hepdäniň içinde 120 müňden gowrak harydyň ýok edilendigini anykladylar.

Zyňlan harytlaryň arasynda hojalyk harytlary, noutbuklar, şaý-sepler we örtükler bar. Şikaýatçy taraplar bu harytlary zyňmaga derek olary haýyr-sahawat guramalarynyň üsti bilen mätäçlere berip boljakdygyny aýdýarlar. Ýöne «Amazonyň» hem öz kadalary bar. Kompaniýa satylmadyk harytlary ammardan basymrak ýok etmeli. Çünki olaryň ammarda saklanylmagy kompaniýa üçin has gymmada düşýär.

«Kommersant.ru» habarlar gullugynyň habaryna görä, Angliýanyň premýer-ministri Boris Jonson bu ýagdaýy derňemek isleýändigini mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň