Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply telekeçiler 4700 tonnadan gowrak pomidor eksport etdiler

18:2722.06.2021
0
1291

2021-nji ýylyň başyndan şu günlere çenli lebaply telekeçiler pomidoryň 4700 tonnadan gowragyny Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletlere eksport etdiler.

Lebap welaýatynda hereket edýän hususy kärhanalardyr işewürler ilaty azyklyk hem-de beýleki zerur bolan önümler bilen üpjün tutanýerli zähmet çekýäler. Olar öz öndürýän gök önümleri bilen içerki bazary üpjün edip, soňra daşary ýurtlara eksporty amala aşyrýarlar. Diňe bir geçen ýylda 4974 tonna tonna pomidor daşary ýurtlara eksporta iberildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Ýylyň başyndan şu günlere çenli pomidoryň eýýäm 4700 tonnadan gowragy Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletlere iberildi. Geçen ýylyň başyndan şu günlere çenli örän ýokumly hasap edilýän mäşiň 7 müň, noýbanyň 215 tonnasyndan gowragynyň Birleşen Arap Emirlikleri, Owganystan, Pakistan ýaly ýurtlara iberilmegi bolsa daşarky bazarda türkmen topragynda önýän önümlere gyzyklanmanyň ösýändigine şaýatlyk edýär. Bulardan başga-da künji, käşir, noýba ýaly azyk önümleri hem eksport edilýär.

Welaýatda baý iş tejribelerini toplan “Altyn bürgüt”, “Altyn gül” ýaly hususy kärhanalaryň, “Ahmet-Haýdar”, “Bäşnur” ýaly hojalyk jemgyýetleriniň onlarçasynyň döwrebap ýyladyşhanalar toplumlarynda ýetişdiren pomidorlary daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýar. Pomidor we aralyk ekinlerden bol hasyl ýetişdirip, toprakda ýylyň dowamynda iki-üç ekin ekip, hasyl ýygnamagy başarýan lebaply telekeçileriň uly topary eksport ugrunyň ösmegine uly goşant goşýar. Eksporta iberilýän önümleri salgysyna gowşurmakda welaýatyň awtoulag kärhanalarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaklary işewürler üçin has-da bähbitli bolýar.

Lebaply telekeçileriň 4000-e golaýy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň