Soňky habarlar

Arhiw

«You Tube» iň meşhur 10 wideomahabaty yglan etdi

18:0922.06.2021
0
4808

«YouTube» wideohostingi 21 ― 25-nji iýun aralygynda geçirilýän «Cannes Lions» festiwaly mynasybetli iň meşhur mahabat rolikleriniň reýtingini paýlaşdy. Reýting düzülende 2020-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 2021-nji ýylyň 30-njy maýyna çenli aralykda çykan mahabat rolikleri alyndy.

Reýtingiň birinji basgançagynda meşhur BTS toparynyň düşen «Hyundai» mahabat wideoroligi bar. 2020-nji ýylda Ýeriň güni mynasybetli düşürilen wideogörnüşlere bolsa 105,5 million gezek tomaşa edildi. Ulanyjylar «Alexa's Body» wideogörnüşlerine 78,2 million gezek isleg bildirdiler.

Şeýle hem reýting sanawynda meşhur aragatnaşyk operatorlarynyň, smartfon öndürijileriň, wideo oýunlaryny döredijileriň, syýahatçylyk we sport markalarynyň mahabatlary bar. «Mail.ru»-nyň «Hi-tech» bölüminde ýerleşdirilen habara görä, ilkinji 10-luga girýän wideomahabatlar jemi 635 million gezek görüldi.

Ýeri gelende aýtsak, «Kan arslanlary» halkara döredijilik festiwaly her ýyl Kan şäherinde geçirilýär. Ol mahabatlar boýunça dünýäniň iň meşhur festiwallarynyň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň