Arhiw

«iPhone 12 mininiň» önümçiligi bes edildi

17:4522.06.2021
0
1657
«iPhone 12 mininiň» önümçiligi bes edildi

«Ixbt.com» Taýwanyň «TrendForce» gözleg ulgamyna salgylanyp, satuwyň pesligi sebäpli «iPhone 12 mini» smartfonynyň önümçiliginiň şu ýylyň ikinji çärýeginde bes edilendigini habar berdi.

Aslynda, «IPhone 12», «iPhone 12 Pro» we «iPhone 12 Pro Max» bilen bilelikde satuwa çykarylan «iPhone 12 Mini» satuwda iň elýeter smartfondy. Ýöne onuň satuw görkezijileri kompaniýany lapykeç etdi. Neşiriň habaryna görä, «iPhone 12 mini» smartfonyny henizem kompaniýanyň resmi web sahypasyndan sargyt etmek elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň