Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmen-tranzit" kompaniýasynyň Türkmenbaşydaky şahamçasy täze işgär işe çagyrýar

18:2421.06.2021
0
17121

Türkmenistanyň iň iri IT kompaniýasy bolan "Türkmen-tranzit" hususy kärhanasy ýurdumyzyň maglumat tehnologiýa bazaryndaky ornuny kem-kemden giňeldýär. Bu kompaniýaniýanyň şahamçalary ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hereket edýär. "Türkmen-tranzit" hususy kärhanasynyň Balkan welaýatynda hereket edýän şahamçasy iki ýyl mundan ozal açyldy.

"Türkmen-tranzit" hususy kärhanasy tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň sanawy-da, işgärleriniň sany-da günsaýyn köpelýär. Bu kompaniýanyň Türkmenbaşy şäherindäki şahamçasy programma üpjünçiligini durmuşa geçirmek we hyzmat etmek boýunça kömekçi hünärmeni işe çagyrýar.

Dalaşgär üçin bildirilýän talaplar: degişli ugur boýunça orta hünär ýa-da ýokary bilimi bolmaly we türkmen hem-de rus dillerini doly bilmeli. Şeýle hem NFSO-ny we MFSO-ny bilmeli (bilmeklik dalaşgärler üçin artykmaçlyk bolar).

1C programmasy boýunça goşmaça iş tejribesi bolmaly. Işe girmäge isleg bildiren 20-35 ýaş aralygyndaky işjeň, erjel, alçak we ugurtapyjy kömekçi hünärmen Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy bolsa has gowy.

Gyzyklanýan adamlardan gysgaça maglumatlaryny e-poçta bilen e.gabrielyan@turkmen-tranzit.com salgysyna ibermelidirler. Kompaniýanyň web sahypasy www.turkmen-tranzit.com.

"Türkmen-tranzit" kompaniýasy ýurdumyzyň bazarynda 10 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýär. Bu kompaniýanyň hyzmatlarynyň görnüşi köpdürli bolup, örän giň gerime eýedir. "Türkmen-tranzit" kompaniýasy häzirki wagtda bank pudagyna degişli edaralary programma üpjünçiligi hem-de enjamlar üpjün etmek we sazlamak, kärhanalarda Bitrix 24 gözegçilik we dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak, býudjet we elektron resminama dolandyryş ulgamlaryny, serwer platformalaryny we iş stansiýalaryny oturtmak, amaly programmalary döretmek,

Şeýle hem web sahypalaryny we onlaýn dükanlary ösdürmek işlerini alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň