Medeniýet hepdeligi - 2021: geçiriljek çäreler barada söhbetdeşlik

16:1521.06.2021
0
1599

Her ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem tomsuň dördünji hepdesi ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň şanyna tutulýan toýa beslener. Berkarar Diýarymyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi şu ýyl ýurdumyzyň gündogar sebitinde — Lebap welaýatynda geçirilýär. Welaýat Medeniýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Maksat Akmämmedow bilen hepdelige görlen taýýarlyk işleri we onuň çäginde göz öňünde tutulýan dabaralardyr çäreler barada söhbetdeş bolduk.

— Medeniýet hepdeligi Jeýhunyň ýakasynda ikinji gezek geçirilýär. Bu gezekki dabaralaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna gabat gelmegi welaýatyň medeniýet we sungat wekillerinde-de uly şatlyk döredendir.

— Elbetde! Medeniýet hepdeligine gatnaşmak ýakymly täsirleri bagyşlaýar welin, ony öz welaýatyňda kabul etmek has uly mertebe. Geçen ýyl milli Liderimiz 2021-nji ýyldaky Medeniýet hepdeliginiň Lebap welaýatynda geçiriljekdigini aýdan gününden bäri bu sungat baýramçylygyna taýýarlyk görmäge girişdik. Hepdelige welaýatymyzdaky medeni ojaklaryň her biri täze sowgatlar bilen geldi. Şol bir wagtda onuň meýilnamasyny düzmäge jogapkärli çemeleşip, ýurdumyzyň çar künjünden geljek myhmanlara iň ýatda galyjy we ýakymly täsiri bagyşlamak üçin ähli tagallalar edildi. Ine, şol günleriň bosagasyna hem geldik. Nesip bolsa, ähli dabaralary meýilleşdirilişi ýaly, ýokary derejede geçireris.

— Mundan alty ýyl ozal bolşy ýaly, hepdeligiň çäreleri welaýatda täze binalaryň açylyş dabaralaryna hem beslener.

— Bu medeniýet we sungat işgärleriniň şatlygyny, jogapkärçiligini has-da artdyrýar. Şol günlerde Kerki halkara howa menziliniň, Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, Farap etrabynda «Çagalar dünýäsi» medeni dynç alyş merkeziniň açylyş dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu dabaralaryň ählisi üçin baý medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şunda döwürleriň sazlaşygyna aýratyn üns berildi. Açylyş dabaralarynda çykyş etjekleriň aglabasy welaýatymyzyň medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleridir.

— Myhmanlar Türkmenabatda kabul edilse-de, hepdeligiň çäreleri welaýatyň ähli ýerlerine ýaýrar. Çäreleriň ýaýraw giňişligi barada sizden hem eşidäýsek!

— Hakykatdan-da, dabaralaryň bir bölegi Türkmenabat şäherinde göz öňünde tutulýar. Ýöne myhmanlarymyz Farap etrabynda çagalara niýetlenen täze seýilgähiň açylyş dabarasyna, serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň Halaç etrabyndaky ýadygärliginiň ýanynda geçiriljek döredijilik duşuşygyna, taryhy ýadygärliklere guraljak gezelençlere hem gatnaşarlar. Nesip bolsa, olar ýokary derejede geçiriler.

— Medeniýet hepdeliklerinde asylly däbe öwrülen ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen sungat wekilleriniň konsertleri nirede geçiriler?

— Munuň üçin geçen Medeniýet hepdeliginde açylyp, ulanylmaga berlen «Bitaraplyk» seýilgähiniň «Türkmeniň toý döwresi» meýdançasy taýýar edildi. Durnagöz suwly howuz bilen gurşalan bu meýdançadaky çykyşlar Türkmenabadyň tomusky agşamlaryny aýdym-saza, müň bir öwüşgine beslär. Meýilnama görä, şol konsertlerde Aşgabat şäheriniň, Ahal, Balkan we Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň sungat wekilleri bilelikde çykyş eder.

— Her ýyl bolşy ýaly, hepdeligiň çäginde aýdym-sazly konsertlerden başga-da, dürli maslahatlar, duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

— Hawa, özi-de şeýle çärelere eýýäm hepdeligiň ilkinji gününde badalga berler. Şol gün — 22-nji iýunda Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgünde «Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir» atly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Hepdeligiň çäginde muzeý işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, kitaphanaçylaryň, folklor toparlarynyň, bagşylaryň, oba medeniýet öýleriniň wekilleriniň we beýlekileriň duşuşyklary, maslahatlary geçiriler. Bulardan başga-da, köpugurly we täsirli sergiler guralyp, olarda ýurdumyzyň welaýatlaryndan getirilen gymmatlyklary görkezmek meýilleşdirilýär.

— Hepdelige teatr işgärleri hem sowgatly gelen bolsa gerek.

— Ýurdumyzyň teatrlary tarapyndan täze eserleriň ikisi ilkinji gezek halk köpçüligine hödürleniler. Has takygy, 24-nji iýunda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň «Gül-Bilbil» atly operasynyň, şondan iki gün soňra Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň «Saz rowaýaty» atly eseriniň ilkinji görkezilişi meýilleşdirildi.

— Medeniýet hepdeliginiň şu ýyldaky esasy aýratynlyk barada näme aýdyp bolar?

— Şu gezek Medeniýet hepdelikleriniň taryhynda ilkinji gezek täze filmleriň görkezilişi we ýurdumyzyň kino sungatynyň ussatlary bilen duşuşyk geçiriler. Maý aýynda paýtagtymyzda geçirilen kinofestiwal sungatyň bu täsirli görnüşiniň muşdaklarynda uly gyzyklanma döretdi. Bu gezek kino sungatyna bagyşlanan dabaralar Türkmenabat şäher medeniýet öýünde bolar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan medeni ojakda filmleri görkezmek we ugurdaş duşuşygy geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

— Hepdelik Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gabat gelýär. Bu goşa baýram hem hepdeligiň çäginden özüne orun tapandyr?

— Hawa, baýramyň bellenilýän gününde — 27-nji iýunda Türkmenabat şäherindäki «Ýedigen» seýilgähinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak çäresi göz öňünde tutuldy. Bu gezekki dabara gatnaşjaklaryň has köp boljakdygy sebäpli, seýilgähiň meýdançasy has giňeldildi. Ýadygärligiň durky täzelenip, olaryň bezeg öwüşginleri artdyryldy.

Hepdeligiň «Türkmeniň ak öýi» binasyndaky jemleýji dabarasy hem hut şol gün geçiriler. Bu ýerde boljak konsert goşa baýrama bagyşlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň