Daşoguz welaýatynda döwrebap saglyk edaralarynyň ikisi gurulýar

15:3921.06.2021
0
410
Daşoguz welaýatynda döwrebap saglyk edaralarynyň ikisi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Daşoguzda 450 orunlyk täze köpugurly hassahana we 150 orunlyk onkologiýa keselhanasy gurulýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň täze iri iki desgasynyň gurluşygyny «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýokary depginde alyp barýarlar. Görogly köçesiniň ugrunda golaý ýerleşýän bu iki bina on bäş gektara golaý meýdany tutýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Täze köpugurly hassahanada maslahat beriş, fizioterapiýa, arterial ýokary gan basyşy, pulmonologiýa we allergologiýa, kelle beýnisiniň gan aýlanyşy, endokrinologiýa we endokrin hirurgiýasy, rewmokardiologiýa, umumy kardiologiýa we ýürek işemiýasi keselleri, neýrohirurgiýa, torakal, endowaskulýar we damar hirurgiýasy, trawmatologiýa we ortopediýa, urologiýa we nefrologiýa, operasiýa, kabul ediş bölümleri, laboratoriýa we beýlekiler ýerleşer. Şeýle hem binada aşhana, kir ýuwujy bölüm, ussahanalar we ammarlar, ulag duralgasy, dikuçar meýdançasy, kislorod stansiýasy, gaýry ähmiýetli dürli desgalar bolar. Hassahananyň töwereginde sagalýan näsaglar we olary soramaga gelýänler üçin abadanlaşdyrylan gök zolak göz öňünde tutulan. Saglygy goraýyş edarasy ilata dünýä derejesinde ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny etmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler.

Häzir bu ýerde içerki inženerçilik ulgamlary oturdylýar, diwarlara kerpiç örülýär we beýleki işler ýerine ýetirilýär.

Hassahananyň gapdalynda gurulýan täze onkologiýa keselhanasynda hem dürli ähmiýeli binalar bolar. Onuň dürli gatly alty bölüminde – ambulatoriýa-öňüni alyş, stasionarly palliatiw, hersi 25 adamlyk zenanlar we erkekler üçin umumy onkologiýa, klinika-dispanser gözegçiligi we 30 orunlyk stasionarly radiologiýa, gematologiýa we himiýaterapiýasy bölümleri, laboratoriýa, dermanhana, edara otaglary we beýlekiler göz öňünde tutulan. Onda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşini üpjün edýän ýörüteleşdirilen täze enjamlar goýlar.

Şeýle hem bu ýerde aşhana we naharhana, kir ýuwýan bölüm, gulluk we şahsy awtoulaglar üçin duralga, tehniki ähmiýetli dürli desgalar gurlar. Dürli daragtlar ekilen meýdany 24700 inedördül metre golaý dynç alyş zolakly keselhana doly abadanlaşdyrylar.

Şu günler gurulýan binalarda dürli kärli hünärmenleriň ýüzlerçesi iki çalşykda zähmet çekýärler, ýörite tehnikalar işledilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň