Arhiw

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri elektroenergiýa taslamalarynyň tapgyrlaýyn açylyşlary bolar

14:1321.06.2021
0
377
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri elektroenergiýa taslamalarynyň tapgyrlaýyn açylyşlary bolar

Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy dowam edýär. Bu bölegiň gurluşygyny ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna gabatlap ulanyşa tabşyrmak göz öňünde tutulýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmen energoulgamynyň kadaly işlemegini, onuň dürli bölekleriniň özara ätiýaçlandyrylmagyny, ýurdumyzyň islendik künjeginden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, Ahal — Balkan — Daşoguz halkalaýyn energoulgamyny we beketleri gurmak boýunça alnyp barylýan işler-de pudakda amala aşyrylýan taslamalaryň uzak geljegi nazarlaýandygyndan habar berýär. Bu energoulgamyň taslamasyny üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şonuň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan aralygyndaky howa elektrik geçirijisini we beketleri ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna çenli ulanyşa tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurluşygy alnyp barylýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň taslamasy hem pudagyň gutarnykly önümçilik dolanyşygyny emele getirmegiň tamamlaýjy tapgyrlarynyň biridir. Bu merkezde ýurdumyzda hereket edýän gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň zeper ýeten ýa-da möhleti dolan enjamlary abatlanar. Şeýlelikde, energetika enjamlaryny daşary ýurtlaryň abatlaýyş merkezlerinde abatlamaga sarp edilýän pul serişdeleri tygşytlanar, abatlaýşa sarp edilýän wagt gysgalar, bu ugurda öz hünärmenlerimiz kemala geler, täze iş orunlary dörär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň