Jebelde howa menzilini gurmak üçin halkara bäsleşigi yglan edildi

23:5519.06.2021
0
19721

“Türkmenhowaýollary” agentligi Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan täze halkara how menziliniň toplumyny taslamalaşdyrmak hem-de dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin:

1. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Niýazow şaýoly, 326 salgysynda ýerleşýän gurluşyk gözegçilik we ýerüsti hyzmatlar bölümine bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

2. Bäsleşige gatnaşmak üçin 500 ABŞ dollary möçberinde tölemeli (goşulan baha üçin salgydy we bank çykdajylaryny hasaba almazdan). Pul serişdeleriniň geçirilmegi üçin hasap, ýazmaça ýüz tutanda görkeziler. Tender teklipleri bolan bukjalar diňe “Türkmenhowaýollary” gullugynyň hasabyna pul geçirilenden soň kabul ediler.

3. Bäsleşigiň teklipleri “Türkmenhowaýollary” agentliginiň 417, 437 belgili otaglaryndan alynmalydyr.

Tender teklipleri bolan bukjalar ýerli wagt bilen 16.00-dan 18.00-a çenli “Türkmenhowaýollary” agentliginiň 417, 437 belgili otaglarynda kabul ediler.
Teklipleri tabşyrmagyň iň soňky güni, bu bildirişiň çap edilen gününden başlap 15 iş gününiň dowamynda berilmeli. Ýokardaky möhletden giç alnan teklipler kabul edilmeýär.
Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmak üçin telefonlar: 44-31-43, 44-30-38, 44-30-73, 44-31-91.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň