«Aşgabat» futbol topary TFF-niň kubogy ugrundaky ýaryşda Marynyň «Energetigi» bilen 0:0 hasabyndaky deňlik bilen oýnady. Duşuşyk «A» toparçanyň 2-nji tapgyrynyň çäginde geçirildi.
Şeýlelikde, yzda galan iki tapgyrdan soňra bu toparlaryň her biri 4 utuk toplap, «A» toparçanyň başyny çekýär.
Ýaryş ertir «B» toparçadaky «Merw» ― «Ahal» hem-de «Köpetdag» ― «Nebitçi» duşuşyklary bilen dowam eder. TFF-niň kubogynyň eýesi 27-nji iýunda geçiriljek finaldan soň belli bolar.
TFF-niň kubogy ― 2021. 2-nji tapgyr, «A» toparça.
«Energetik» ― «Aşgabat» ― 0:0.