Soňky habarlar

Arhiw

10 aýlyk bäbek «Tesla» ulagy üçin 10 müň dollarlyk täzelenme satyn aldy

17:1819.06.2021
0
6464

Sosial aragatnaşyk torlarynyň birinde bir ýaş enäniň 10 aýlyk oglunyň «Tesla» ulagy üçin 10 müň dollarlyk täzelenmäni satyn alandygy barada wideogörnüşler paýlaşyldy.

«Ixbt.com»-yň habar bermegine görä, täzelenme satyn alnansoň, awtoulagda awtosürüji peýda boldy. Zenan maşgala muny bank hasaplaryny barlandan soň bilip galdy. Ýöne satyn almagyň üstünden 48 sagat geçenligi sebäpli, ony ýatyryp bolmady.

Bu ýagdaý çaga gadžeti oýnap otyrka, birden bolup geçdi. Häzir wideogörnüşleriň gahrymany «Teslanyň» şeýle täzelenmeler üçin gizlin sözi soramaýandygy üçin şikaýatçy bolmak isleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň