Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda logistika boýunça ussatlyk sapagy geçiriler

18:4318.06.2021
0
7401

Iş Nokady iş merkezi şu ýylyň 24-nji iýunynda logistika boýunça ussatlyk sapagyny (master-klas) geçirýär.

Logistika häzirki zaman kärhanasynyň ähli ugurlaryna – çig mal satyn alyş işlerini dolandyrmaklykdan başlap, sarp edijä taýýar önümleri eltýänçä çenli täsir edýär.

Logistika diňe bir uly, çylşyrymly önümçilik desgalaryny däl, eýsem kiçi kärhanalary-da, hatda gündelik durmuşy hem aňsatlaşdyrýar.

Dyknyşykdan nädip aýlanmaly? Azyk önümlerini nädip tygşytlamaly? Ammar çykdajylaryny nädip azaltmaly? Bu soraglaryň jogaplaryny diňe bir iri we çylşyrymly pudaklary däl, eýsem kiçi kärhanalary-da, hatda ýönekeý adamyň durmuşyny-da dolandyrýan logistikadan bilip bolýar.

Ussatlyk sapagyna çagyrylan spiker – ulag logistika pudagynda 10 ýyllyk tejribesi bolan halkara ýük daşamak boýunça hünärmen, üpjünçilik zynjyrlaryny meýilleşdirmek we optimizirlemek boýunça tejribeli geňeşçi, kiçi we orta kärhanalar üçin umumy ýükler bilen iş alyp barmak boýunça tejribeçi Sanýat Mustafaýewa bu ugurdan geçer.

Ussatlyk sapagy şu aşakdaky temalary öz içine alar:

  • Ulag logistikasy;
  • Dünýä ykdysadyýetinde logistika hünäri;
  • Logistika hünäri kim üçin amatly?

Ussatlyk sapagyna gatnaşmaklyk kiçi we iri telekeçilere, logistika pudagynda täze işe başlanlara, şeýle hem satuw bölüminiň hünärmenlerine peýdaly bolar.

Ussatlyk sapagynyň başlanýan wagty: sagat 18:30-da

Ussatlyk sapagyna gatnaşmak üçin töleg – 200 tmt.

Habarlaşmak üçin telefon belgi: +993 12 46-81-65

Mundan ozal Aşgabatda «IT Education Academy» – «IT Bilim Akademiýasynyň» resmi açylyş dabarasynyň bolandygyny habar berdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň