Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň kubogy ― 2021: şu gün «B» toparçanyň duşuşyklaryna badalga berler

10:1318.06.2021
0
707

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryş şu gün «B» toparçanyň birinji tapgyrynyň duşuşyklary bilen dowam eder. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu toparça «Köpetdag», «Merw», «Nebitçi» we «Ahal» toparlary wekilçilik edýär.

Ikisi hem «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçiriljek duşuşyklarda 18:15-de «Köpetdag» bilen «Merw», 20:30-da «Nebitçi» bilen «Ahal» duşuşar.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryşa düýn geçirilen «A» toparçanyň duşuşyklary bilen badalga berildi. Olarda «Energetik» «Altyn asyr II»-ni 4:3, «Aşgabat» «Şagadamy» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Ýaryşyň toparçalaýyn duşuşyklary 22-nji iýunda tamamlanar.

TFF-niň kubogyna mynasyp bolan topar 27-nji iýunda belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň