Soňky habarlar

Arhiw

Ýewro ― 2020: Italiýanyň ýygyndysy 1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy boldy

15:2717.06.2021
0
2391
Ýewro ― 2020: Italiýanyň ýygyndysy 1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy boldy

Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Şweýsariýanyň ýygyndysyny ýeňip, indiki tapgyra çykan ilkinji topar boldy.

Rimdäki «Olimpiýa» stadionynda geçirilen duşuşyk Italiýanyň peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy. Duşuşykda ýarym goragçy Manuel Lokatelli iki gezek (26-njy we 52-nji minutlarda) tapawutlandy. Duşuşykdaky beýleki pökgini bolsa Çiro Immobile geçirdi.

Şeýlelikde, Italiýa iki duşuşykda 6 utuk toplady we 1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň