TNGIZT-de bäş aýda benzin we suwuklandyrylan gaz çykarmak boýunça meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi

11:2217.06.2021
0
805

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň bäş aýynda içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligi düýpli ýokarlandy.

Bu barada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berýär.

Hususan-da, ýylyň başyndan bäri bu ýerde 666 müň 733 tonna ýokary hilli awtomobil benzini öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende kärhanada 80 müň tonnadan gowrak awtomobil ýangyjy öndürilip satuwa iberildi.

Bu döwürde suwuklandyrylan gazyň önümçilik meýilnamasy hem artygy bilen ýerine ýetirildi. Kärhanada 24 müň 383 tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi we sarp edijilere iberildi. Bu bellenilen meýilnamadan 8 müň 85 tonna artykdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň