Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT-e bäş aýda 1,8 mln tonna «gara altyn» iberildi

11:0617.06.2021
0
713

Magistral nebitgeçirijileriniň müdirliginiň hünärmenleri Balkan welaýatynyň çäginde çykarylýan «gara altyny» TNGIZT-e ýetirmekde ýokary netijeleri gazandylar.

Bu barada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Netijede, şu ýylyň bäş aýynda zawoda çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek üçin iberilen nebit çig malynyň möçberi 1 mln 830 müň tonnadan geçdi. Bu işe nebit çykarmak boýunça bölümleriň hazarýaka müdirliginiň hünärmenleri uly goşant goşdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň