Türkmenistanyň Prezidentiniň YHG-nyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde eden çykyşy

23:0016.06.2021
0
5783

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň

hormatly jenap Baş sekretary doktor

Ýusuf Bin Ahmad al-Usaýmin!

Hormatly döwlet we hökümet baştutanlary!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, Onuň Alyhezreti Baş sekretara ýokary derejedäki şu duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Bu duşuşykda garalýan mesele maglumat tehnologiýalarynyň görlüp-eşidilmedik derejede ösen we adamzat üçin düýpli ähmiýeti bolan ugurlarynda bilelikdäki ylmy işleri talap edýän häzirki döwründe örän möhüm bolup durýar.

Dünýä ylmyna we medeni ösüşine bahasyna ýetip bolmajak taryhy goşant goşan yslam dünýäsi häzirki döwürde ykdysady ösüşiň innowasion hem-de ýokary tehnologiýaly nusgalaryna durnukly geçmek üçin raýdaş çemeleşmeleri talap edýän ýönekeý bolmadyk döwri başdan geçirýär. Munuň üçin bizde ähli zerur zatlar: adam mümkinçiligi, baý tebigy serişdeler, ep-esli maliýe mümkinçilikleri, amatly fiziki-geografik şertler bar.

Häzirki döwürde biziň guramamyz sanalyp geçilen bu mümkinçilikleri netijeli we rejeli ulanmak, musulman ymmatynyň ähli agzalary üçin hakyky peýda gazanmak maksady bilen, eýýäm ençeme möhüm ädimleri ätdi. Biz 2017-nji ýylyň sentýabrynda ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary derejedäki birinji duşuşygy geçirdik. Guramanyň 2005 — 2015-nji ýyllarda bu ugurda hereketleriniň onýyllyk maksatnamasyny amala aşyrmakda belli bir netijeleri gazandyk. Bu netijeler 2026-njy ýyla çenli ikinji maksatnamalaýyn resminamada täze wezipeleri hem-de uzak möhletli maksatlary kesgitlemek üçin esas bolup hyzmat etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan häzirki döwürde ýokarda görkezilen maksatnamada ileri tutulýan wezipeleri durmuşa geçirmekde gazanylan üstünliklere hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiniň bu ugurda alyp barýan işlerine ýokary baha berýär.

Şunuň bilen birlikde, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolan ähli döwletler üçin hakyky netijeleri berer ýaly, bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny bellemek isleýärin.

Birinjiden, düýpli ylmy ösdürmek, netijeli ylmy çözgütleri bilelikde gözlemek, örän möhüm bolan barlag işleriniň netijelerini, aýratyn-da, lukmançylyk we saglygy goraýyş babatda alyşmak üçin usullary döretmek boýunça gatnaşyklary ýola goýmaly.

Türkmen tarapynyň bu başlangyjy biziň guramamyzyň ylym, tehnologiýalar we ylmy merkezleri döretmäge degişli innowasiýalar boýunça 2026-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, yslam dünýäsiniň umumy ylmy-tehnologik kuwwatyny döretmek üçin Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylmy-barlaglar merkezleriniň ulgamyny emele getirmek barada barýar. Şonuň esasynda biziň ýurtlarymyzyň alymlar birleşiginiň içinde maglumatlary çalt hem-de utgaşdyryp alyşmak wezipesi durýar.

Ikinjiden, biz Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde suw, azyk we ekologiýa howpsuzlygynyň ýeke-täk konsepsiýasyny ýa-da esasy kadalaryny emele getirmek boýunça işleri güýçlendirmegi teklip edýäris. Bu barada 2026-njy ýyla çenli ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynda anyk aýdylýar. Bu ileri tutulýan ugurda aýratyn konseptual resminamalaryň ýokdugy bize suw serişdeleri, möhüm azyk harytlary bilen barabar üpjünçilik hem-de şol bir wagtda howanyň üýtgemeginiň we ekologiýa heläkçiliginiň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek boýunça bar bolan çylşyrymly soraglary yzygiderli esasda çözmäge mümkinçilik bermeýär.

Türkmenistan häzirki ekologiýa howplaryna garşy halkara tagallalary birleşdirmäge we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklamak bilen, ençeme anyk, gaýragoýulmasyz işleri teklip edýär. Hususan-da, Türkmenistan pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetika ulgamynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde wodorody ösdürmekde «Ýol kartasyny» döretmäge gönükdirilen ählumumy strategiýany işläp taýýarlamaga girişmegiň zerurdygyny beýan etdi.

Yslam dünýäsiniň şu ugurdaky halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde raýdaşlygynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Ählumumy gün tertibinde bellenen maksatlara ýetmekde biziň birleşigimiziň her bir agzasyna ýardam bermäge gönükdirilmelidigine ynanýarys.

Üçünjiden, biz «uly maglumatlar» ulgamyny we howpsuz sanly ykdysadyýetiň bilelikdäki gurluşyny döretmek boýunça ozal kesgitlenen wezipeleriň ähmiýetini bellemek bilen, şu maksatlara ýetmekde üstünlikli işimizi üpjün edýän iki sany aýrylmaz meseläni aýratyn nygtaýarys. Anyk aýdylanda, olar aýry-aýry ýurtlarda, uly sebitlerde ygtybarly fiziki üpjünçilik ulgamlaryny döretmek hem-de sebitara derejede musulman ýurtlarynyň üpjünçilik ulgamlarynyň goşulyşmagydyr. Şeýle hem Ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiň teklip eden Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň çäklerinde ýokary öndürijilikli kompýuter merkezleriniň binýadynda maglumatlaryň bitewi sanawlarynyň nusgalaryny döretmekdir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan şeýle merkezleri ýerleşdirmek we olaryň işlemegi üçin milli şertlerini peýdalanmak boýunça mümkinçiliklere garamaga taýýardyr.

Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!

Şu duşuşyk biziň döwletlerimiziň ösüşiniň we öňe gitmeginiň bähbidine musulman dünýäsiniň agzybirligini berkitmekde ähmiýetli ädim bolup durýar.

Men pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňize berk jan saglyk, biziň ýurtlarymyzyň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

(2021-nji ýylyň 16-njy iýuny)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň