Arhiw

Berkararlyk etraby boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirer

10:5017.06.2021
0
18556

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik bölümi 5-nji iýulda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresiniň geçiriljekdigi barada habar berdi.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde ýazylyşy ýaly, bu çäre şol gün sagat 9-dan 12-ä çenli etrap häkimliginiň binasynda geçiriler.

Şu sebäpli bölüm etrapdäki ähli kärhanalardan 25-nji iýuna çenli özlerindäki boş iş orunlary barada maglumatlary ýollamagy soraýar.

Iş gözläp gelen ildeşlerimiziň ýanynda şahsy pasporty we zähmet depderçesi bolmaly.

Goşmaça maglumatlar üçin:

Aşgabat ilatynyň Zähmet we ilatyň iş üpjünçiligi bölümi (Seýitnazar Seýdi köçesi, 3) tel.: 92-14-56;

Bagtyýarlyk etraby (Bekrewe, 2211-nji köçe, 25) tel.: 37-46-68;

Berkararlyk etraby (Bekrewe, 2211-nji köçe, 25) tel.: 37-46-67;

Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesi, 8) tel.: 33-07-39;

Köpetdag etraby (Seýitnazar Seýdi köç., 3) tel.: 92-67-49.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň