Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda GPON aragatnaşyk tory ornaşdyryldy

20:5416.06.2021
0
17637
Aşgabatda GPON aragatnaşyk tory ornaşdyryldy

AŞTU tarapyndan berilýän habara görä, Aşgabadyň 11-nji etrapçasynyň ýaşaýjylary şäherde GPON tory birikdirilen ilkinji adamlar boldular.

Täze toruň artykmaçlyklaryna ilkinji bolup baha beren Baba Annanow köçesindäki 3-nji jaýyň ýaşaýjylary bolar. 3 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýynda optiki kabeller müşderileriň öýlerine goýulýar we olar optiki ONT terminallaryna birikdirilýär.

Täze tor müşderilere bir wagtyň özünde birnäçe hyzmaty ― çäklendirilmedik Interneti, IPTV we telefon aragatnaşygy hyzmatlaryny ulanmaga mümkinçilik berýär.

Müşderileriň öýüne ONT optiki terminallary gurmak işi mugt alnyp barylýar.

Munuň üçin AŞTU-nyň resmi sahypasynda onlaýn ýüztutmany goýmak ýeterlikdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň