Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Türkiýedäki raýatlary Stambul - Türkmenbaşy ugry boýunça ýurda getirildi

20:4016.06.2021
0
19349

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenbaşy şäheriniň howa menziliniň bildirişlerinde beýan edilýär. Türkiýe Respublikasyndaky Türkmenistanyň raýatlarynyň getiren bu ýörite gatnawy 15-nji iýunda ýerli sagat bilen 19:00-da Stambuldan ugrady we Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi.

Şeýle ýörite uçar gatnawlarynyň geljekde has hem artmagyna garaşylýar. Şeýle hem ýakynda THY-iň hem ýörite gatnawyna garaşylýar.

Mälim bolşy ýaly soňky döwürde birnäçe halkara ýörite uçar gatnawlary amala aşyrylýar we biz saýtymyza bular barada habarlary yzygiderli ýerleşdirip durýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň