Ýuwaş ummanynyň Ekwadora degişli kenarlarynda 5.2 ball ululykda ýer titremesi hasaba alyndy.
Bu barada ýurduň Milli geofiziki instituty habar berdi.
Seýsmologlaryň pikirine görä, ýer titremeler ýerli wagt bilen 15-30 aralygynda hasaba alyndy. Ýer titremeleriň merkezi Puerto Lopez kantonynyň kenaryndan 29 kilometr uzaklykda, 2,15 kilometr çuňlukda boldy.
«Pidalar we weýrançylyklar barada heniz maglumat ýok» diýip, «Izwestiýa» habar berýär.