Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň söwda nokatlarynda «NUR» we «Mylaýym» haryt nyşanly önümleriň täze görnüşleri peýda boldy

16:4316.06.2021
0
14363

Ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan ýerli haryt öndürijilerini goldamak, oba hojalyk önümleriniň öndürilişine itergi bermek çäreleri daşary ýurtdan getirilýän azyk harytlarynyň mukdaryny esli azaltmaga we öz önümçiligimizi artdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

2021-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Türkmenistanyň telekeçileri miwe we gök önümlerini geçen ýyldakydan 86,7% köp ýygnamagyň hötdesinden geldiler. Şitilhana hojalygy şäherdir oba ilatyny tutuş ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün edýär. Konserwlenen gök we miwe önümlerini, tebigy miwe suwlaryny, içgileri, her dürli konditer önümlerini çykarmak-da ýola goýlupdyr.

«NUR» we «Mylaýym» söwda nyşanlary bilen gök we miwe önümleriniň konserwini, maýonez, üwmeç we dürli mürepbeleri öndürmekde ýöriteleşýän «Owadan ülke» HJ haryt dürlüligini barha giňeldýär we ýerli çig maldan önümleriň täze görnüşlerini öndürmegini artdyrýar. Hususan-da, şu ýyl hünärmenler souslaryň, şol sanda sarymsak, peýnir we kömelek souslarynyň-da birnäçe görnüşiniň ýasalyş tärini işläp taýýarladylar.

Ilatyň uly isleg bildirýän miwe we bakja önümlerinden mürepbe çykarýan desga ulaldylar. Sarp edijilere tanyş tebigy çig mal, ýagny alma, dalçynly alma, käşir, kädi, behi, gawun bilen bir hatarda Aşgabat kärhanasynyň hünärmenleri ýerli telekeçileriň ösdürip ýetişdiren oba hojalyk önümlerinden mürepbäniň täze görnüşlerini taýýarlarlar. Şu möwsümde şereket miwe mürepbelerini geçen ýyldakydan bäş esse köp – takmynan 100 müň banka öndürmegi meýilleşdirýär. Konditer önümlerini çykarýanlar bilen hyzmatdaşlyk çäginde öndürijiler erikden, şetdalydan, üljedir klubnikadan huruş öndürmegi özleşdirýärler.

Marinada ýatyrylýan önümiň taýýarlaýyş möwsümi dowam edýär. Bu möwsümde telekeçiler ilata uzak saklanýan önümleriň 20-den gowrak görnüşini teklip ederler. Bular marinada ýatyrylan hyýar we pomidor, badamjan ikrasy, burç goýutmasydyr. Sarp edijiler duzlanan gök önümden konserwlenen, mundan öň ýurtda öndürilmedik görnüşini ilkinji gezek dadyp görerler. Türkmen gawunlary marinadda şerbet we hatda jem görnüşinde «ýapylar».

Ak bugdaý etrabynda ýerleşen «Owadan ülke» HJ düzüminde ýerli pagta ýagy bolan «Mylaýym» nyşanly maýoneziň üç görnüşiniň önümçiligi ýola goýlupdyr. «NUR» önümleri hiliniň ýokarylygy we bahalarynyň elýeterliligi bilen halkyň uly islegine mynasyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň