Täze oýlap tapyş ulaglara zarýad bermegiň wagtyny 10 minuda çenli azaldar

15:5216.06.2021
0
4863

Düzüminde litiý-ion bolan akkumulýatorlar üçin grafitli anodlary döretmek bilen meşhurlyk gazanan marokkaly alym Raşid Ýazami çalt zarýad berilýän täze akkumulýatorlaryň döredilendigini habar berdi.

Oýlap tapyjynyň pikirine görä, eger «Teslanyň» ulaglaryna zarýad bermek üçin, takmynan, 70 minut gerek bolsa, täze akkumulýatory zarýadlandyrmak üçin 10 minut ýeterlik bolar. Şol zarýad bilen hem ulag 800 kilometr aralyga hereket edip biler.

Adaty akkumulýatorlar hemişelik tok bilen zarýad alýan bolsa, «çyzykly woltammetriýanyň» täze usulda tok görnüşine däl-de, naprýaženiýe gözegçiligine has köp üns berilýär. Şeýlelik bilen dürli derejelerde naprýaženiýäni sazlamaga mümkinçilik berýär. «Infosmi.net»-iň habar bermegine görä, innowasiýa tehnologiýasynyň kömegi bilen diňe bir elektrik ulagyna çalt zarýad bermek bilen çäklenmän, batareýanyň ömrüni ep-esli uzaldyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň