Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Ahal ― Balkan ― Daşoguz elektrik ulgamynyň birinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär

13:2216.06.2021
0
9963

Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň elektrik ulgamlaryny birleşdirmek bilen, sebitleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etjek halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyrynyň gurluşygy depginini artdyrýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

220 Kw kuwwatly elektrik geçirijiniň gurluşygyny tizleşdirmek üçin, «Gurtly» astbekedinden «Serdar» astbekedine çenli 420 kilometrden gowrak tutuş aralyk potratçy edaralaryň arasynda böleklere bölünen. Bu böleklerde geljekki elektrik geçirijileri üçin demirbeton sütünleriniň we diregleriniň gurluşygy alnyp barylýar. Gurluşygyň baş potratçysy «Türkmenenergogurluşyk» konserni bu elektrik geçirijini gurmak işine aşgabatly, daşoguzly, maryly, lebaply we balkanly energiýa ulgamyny gurujylaryň astbölümlerini, telekeçi düzümlerini, şeýle hem «Türkmenenergo» elektroenergetik korporasiýasynyň astbölümlerini çekipdir. Elektrik sütünleri edaranyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän DBÖ zawodynda guýulýar.

Energiýa ulgamynyň birinji bölüminde potratçy edaralar eýýäm ähli binýatlary goýup, olaryň üstünde 220 kw-lyk liniýa üçin 500-den gowrak metal direg dikipdirler. Ikinji bölümde bolsa («Serdar» astbeketden Balkanabada çenli) gurluşykçylar demirbeton sütünleri oturtmagy tamamlapdyrlar we olaryň üsrtünde 350-den gowrak metal gurluşlary dikipdirler.

Energiýaçylar halkalaýyn ulgamyň birinji tapgyryny gurmak üçin zerur bolan 1426 diregi dikmegi hem «Serdar-220», «Gyzylarbat-110» we «Balkan-500» astbeketleriň gurluşygyny awgust aýynda doly tamamlamagy meýilleşdirýärler. Mundan daşgary taslamada güýç berýän transformatorlaryň, söndürijileriň, aýryjylaryň, releli goragyň we awtomatikanyň, telemehanikanyň, aragatnaşyk ulgamlarynyň we SCADA-nyň – Türkiýäniň, Gazagystanyň, Hindistanyň şereketleri tarapyndan ýewropa standartlary boýunça ýasalan abzalyň oturdylmagy göz öňünde tutulypdyr.

Halkalaýyn ulgamyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda Balkanabatdan Daşoguza 567 kilometr uzynlykda 500 Kw elektrik geçirijisi çekiler.

Gelejegi uly bolan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin, Aziýanyň ösüş banky ýeňillikli karz beripdir. Bu serişdeleri ulanmak bilen, gurluşygyň buýrujysy – “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetik korporasiýasy – birnäçe ähtnama baglaşypdyr we ýokary woltly elektrik geçirijileri hem astbeketleri üçin zerur bolan abzaldyr enjamlary, serişdeleri we awtotehnikany satyn alypdyr. Häzirki döwürde gurluşyk tehnikasy we mehanizmler, ýardamçy abzallar, ellektrik geçerijiniň gurluşygynda işleýärler.

Türkmenistanyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşygyny 2023-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan bu göwrümli taslamasynyň amala aşyrylmagy elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmaga, enegiýa tygşytlanyşynyň hilini ýokarlandyrmaga we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, bu pudagyň eksport mümkinçiligini esli artdyrmaga gönükdirilendir. Halkalaýyn gurluş welaýatlaryň we Aşgabadyň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara ätiýaç saklamaga mümkinçilik berer. Ygtyýarynda hemişelik ätiýaç gory bolan energiýaçylar energiýa bloklarynyň, elektrik astbeketleriniň, elektrik geçirijileriniň bejergisini we döwrebaplaşdyrlmasyny ulanyjylar üçin zyýansyz amala aşyryp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň