Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly zenan parlamentariler Daşkentde geçirilen işewürlik maslahatyna gatnaşdylar

23:5015.06.2021
0
4973

Zenan telekeçiligini goldamak, gender deňligini üpjün etmek hem-de zähmet çekmek üçin deň şertleri döretmek «Merkezi Aziýada we Owganystanda zenanlaryň ykdysady hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň ösdürilmegi» atly halkara onlaýn forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu çäre şu gün Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan guraldy. Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň howandarlygynda geçýän köptaraply duşuşyga türkmen tarapyndan Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýanyň telekeçi zenanlarynyň önümleriniň wideosergisi guraldy. Bu sergi gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň paýtagtynda geçirildi.

Wideomaslahata gatnaşyjylar gender deňligini üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak meselelerinde sebitiň döwletleriniň hökümetleriniň tagallalaryny goldaýandyklaryny aýdyp, zenanlaryň telekeçilik kuwwatyndan has doly peýdalanmagyň, olaryň zähmet bazaryna gatnaşmagyny giňeltmek, döwlet hem-de hususy ulgamlarda işjeň ilerletmek maksady bilen, kanunçylyk binýadyny we ykdysady syýasaty mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň telekeçi zenanlarynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça “ýol kartasy” ylalaşyldy we kabul edildi. Şeýle hem jemleýji resminama — Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Onda foruma gatnaşyjylar meýilleşdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zenan telekeçiligini ösdürmäge, sebitiň zenan telekeçileriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň