Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky medeni ojaklaryň birnäçesiniň durkuny täzelemek boýunça bäsleşik yglan edildi

11:0716.06.2021
0
829

Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň, Alp Ars­lan adyn­da­ky mil­li dra­ma te­at­ry­nyň, Ba­zar Ama­now adyn­da­ky döw­let ça­ga­lar ki­tap­ha­na­sy­nyň, Türk­men döw­let gur­jak te­at­ry­nyň, Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň bi­na­la­ryn­da düýp­li abat­la­ýyş we ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri­ni ge­çir­mek üçin pot­rat­çy­ny se­çip al­mak bo­ýun­ça bäsleşik yg­lan ed­ýär.

Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda bildiriş çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlere bildirilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 25-nji iýunyna çenli, her gün sagat 9:00-dan 18:00 aralykda kabul edilýär.

Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan şa­ýo­lu­nyň 461-nji ja­ýy. Düýp­li gur­lu­şyk bö­lü­mi.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 44-00-08, 44-00-39.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň