Soňky habarlar

Arhiw

IKEA-nyň Fransiýadaky şahamçasyna 1 million ýewro jerime salyndy

19:2115.06.2021
0
4307

IKEA kompaniýasynyň Fransiýadaky şahamçasyna işgärlerine içalyçylyk edenligi sebäpli, 1 million ýewro jerime salyndy. Şu ýylyň mart aýynda başlanan kazyýet işinde işgärler kompaniýany içalyçylykda we şahsy durmuşy, ynançlary we hasaplary barada bikanun maglumat ýygnamakda aýyplady.

Şeýlelikde, Wersal şäheriniň kazyýeti işgärlere içalyçylyk edenligi sebäpli IKEA mebel we öý harytlary zynjyrynyň fransuz şahamçasyna 1 million ýewro jerime saldy. Şol sanda öňki baş direktor Jan-Lui Baýo iki ýyl azatlykdan mahrum edildi, ol munuň üstesine 50 müň ýewro jerime hem tölemeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň