Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede okaýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda medeni çäre geçirildi

16:5315.06.2021
0
1614

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we 2021-nji ýylyň “Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Ankaradaky Ilçihanasy tarapyndan Türkiýäniň Karabük uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebinde bilim alyan türkmenistanly talyplaryň gatnaşmagynda medeni çäre geçirildi. Bu barada «neutrality.gov.tm» habar berýär.

Bu çärä Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi I.Amanlyýew, Karabük uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Refik Polat, uniwersitetiň prorektorlary, professor-mugallymlary, türkmen talyplary hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Karabük uniwersitetiniň binasynda Ilçihana tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleriniň, fotosuratlaryň we ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.

Medeni çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işler we ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdi.

Şeýle hem Karabük uniwersitetiniň rektory professor, doktor Refik Polat gatnaşyjylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň Türkiýe üçin dost we dogan döwletdigini, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösüşe eýe bolmagyny arzuw etdi.

Soňra talyp ýaşlar taýýarlan konsert maksatnamalaryna laýyklykda Türkmenistany wasp edýän şowhunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, edebi-drama sahnalary we goşgular bilen çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň